Adat­ça, ýük ulag­la­ry ul­la­kan ga­ba­ra­sy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Adyn­dan hem bel­li bol­şy ýa­ly, äpet ulag­lar dag-mag­dan kän­le­rin­de, gur­lu­şyk­da we oba ho­ja­ly­gyn­da ýük da­şa­mak üçin ula­nyl­ýar.

Ýük ula­gy­nyň iň ki­çi­si­ni ýa­pon­lar ön­dür­ýär. «Kei-tra­ki» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ki­çi­jik ýük ula­gy­nyň uzyn­ly­gy 3,4 met­re, ini 1,48 met­re ýet­ýär. Ag­ra­my 700 ki­log­ram­dan geç­me­ýän «kei» ýük ulag­la­ry ýan­gy­jy tyg­şyt­ly sarp ed­ýän 660 kub san­ti­metr­lik he­re­ket­len­di­ri­ji bi­len iş­le­ýär. Ýük gö­te­ri­ji­li­gi 350 ki­log­ra­ma ba­ra­bar bo­lan bu ýük ula­gy yg­ty­bar­ly bol­mak bi­len bir ha­tar­da, teh­ni­ki taý­dan do­lan­dyr­mak­da hem aň­sat ha­sap­lan­ýar. Oba ho­ja­ly­gyn­da, şä­her­de ýük da­şa­mak we ba­ryp bol­ma­jak ýer­ler­de iş­le­mek üçin ula­nyl­ýan mi­ni ýük ulag­la­ry­nyň sa­gat­da­ky tiz­li­gi 88-140 ki­lo­met­re ýet­ýär.

4 tekeri bilelikde işleýän (4WD) «kei» ýük ulaglary «Suzuki» (Carry), «Daihatsu» (Hijet), «Honda» (Acty), «Subaru» (Sambar), «Mitsubishi» (Minicab) we «Nissan» (Clipper) ýaly kompaniýalar tarapyndan öndürilýär. Girdenek ulaglar bahasynyň arzanlygy, köpugurlylygy we barmasy kyn ýerlere ýük eltmäge amatlylygy bilen meşhurdyr. «Kei» ýük ulaglary tehniki çykdajysyz 320 müň kilometr ýol geçip bilmegi bilen tapawutlanýar. Kiçijik ýük ulaglary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda uly islegden peýdalanylýar.