19–22-nji awgust aralygynda Aşgabat şäherinde «KIDS EXPO: Çagalar üçin ähli zat» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Çäräniň sport maksatnamasynyň esasy wakalarynyň biri halkara derejesindäki belli küşt ussatlarynyň gatnaşmagynda guraljak giň gerimli küşt festiwaly bolar.

Festiwala gatnaşmak üçin Türkmenistana iki sany tejribeli küşt hünärmeni — Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň birinji wise-prezidenti, Aziýanyň Küşt federasiýasynyň wise-prezidenti, grossmeýster we ýaşlaryň arasynda dünýä çempiony Däremen Sadwakasow hem-de Türki döwletleriň Küşt assosiasiýasynyň we Azerbaýjanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary, zenan grossmeýsteri Ilaha Kadymowa geler.

Halkara derejeli küştçiler Türkmenistanyň zenanlar we ýaşlar ýygyndy toparlarynyň türgenleri üçin ýörite okuw sapaklaryny we ussatlyk çärelerini geçirer. Bu duşuşyklarda ýaş küştçüler tejribeli grossmeýsterlerden oýun taktikasyny kämilleşdirmek, bäsleşiklere taýýarlyk görmek we möhüm ýagdaýlarda dogry çözgütleri kabul etmek boýunça maslahatlary alyp bilerler.

Festiwalyň esasy ýaryşy 19–20-nji awgustda geçiriljek «Kids Expo Chess Cup 2026» atly halkara rapid we blis ýaryşy bolar. Ýaryş bilen bir hatarda sergä gelýän çagalar we myhmanlar üçin «Küşt adajygy» atly ýörite meýdançada dürli interaktiw çäreler guralar.

Bu ýerde küşt oýnamagy bary-ýogy 30 minutda öwrenmäge mümkinçilik berýän çalt okuwlar, tejribeli küşt ussatlarynyň gatnaşmagynda birbada birnäçe garşydaş bilen oýunlar, sowal-jogap bäsleşikleri, hünärmenler bilen küşt oýnamak hem-de ýörite fotosurat meýdançasy guralar.

Festiwalyň çäklerinde 19-njy awgustda halkara tegelek stol maslahaty hem geçiriler. Oňa 11 ýurduň küşt federasiýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Duşuşykda mekdep okuw maksatnamalaryna küşt dersini ornaşdyrmagyň üstünlikli tejribesi, onuň ýaşlaryň intellektual ösüşindäki orny we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy, Halkara mekdep küşt federasiýasy, Türki döwletleriň Küşt assosiasiýasy, Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň Freedom Asian Chess Initiatives maksatnamasy, Freedom kompaniýalar topary hem-de «TurkmenExpo» kompaniýasy bilelikde guraýar.

KIDS EXPO 2026-nyň çägindäki küşt festiwaly Türkmenistanda çagalaryň we ýaşlaryň arasynda küşt sporty bilen gyzyklanmany artdyrmaga, ýaş türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmaga we halkara küşt jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam berer.