2026/2027-nji möwsümde geçirilýän UEFA Milletler ligasynyň pleý-off tapgyryna gatnaşjak ähli milli ýygyndylar kesgitlenildi. Toparçalaýyn bäsleşigiň netijeleri boýunça Norwegiýanyň ýygyndysy çärýek finala çykmaga hukuk gazanan iň soňky topar boldy.
UEFA Milletler ligasynyň çempionlyk kubogy ugrunda aşakdaky milli ýygyndylar bäsleşer:
Fransiýa
Belgiýa
Germaniýa
Niderlandlar
Angliýa
Ispaniýa
Portugaliýa
Norwegiýa
Çärýek final duşuşyklary 2027-nji ýylyň mart aýynda geçiriler. Toparlaryň garşydaşlary 20-nji noýabrda geçiriljek bije çekişliginden soň belli bolar. Ýarym final oýunlary, üçünji orun ugrundaky duşuşyk we final bolsa 2027-nji ýylyň iýun aýynda meýilleşdirilýär.
UEFA Milletler ligasy ilkinji gezek 2018/2019-njy möwsüminde geçirilip başlandy. Ýaryşyň iň ýokary derejesi bolan A ligasynyň toparçalarynda ilkinji iki orny eýeleýän ýygyndylar çärýek final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.
Portugaliýanyň milli ýygyndysy ýaryşyň häzirki çempiony bolup durýar. 2026/2027-nji möwsüminde bolsa sekiz milli ýygyndy UEFA Milletler ligasynyň baş baýragy ugrunda güýç synanyşar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.