Koreýa Respublikasynyň ilkinji «Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa» sammitiniň öňüsyrasynda Koreýa gaznasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hünärmenleri we ýaşlary üçin Seul şäherinde birnäçe bilim, ylmy we medeni çäreleri geçirdi.

18–20-nji awgust aralygynda Koreýa gaznasy we Koreýanyň Ylym we döredijilik gaznasy Merkezi Aziýada emeli aň boýunça zehinleri ösdürmek meselesine bagyşlanan üç günlük maksatnamany gurady. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň bilim ulgamynyň hünärmenleri gatnaşdy.

Duşuşyklarda Koreýanyň emeli aň boýunça hünärmenleri taýýarlamakda, şol sanda okuwçylardan başlap sanly we tehnologiýa ugurlary boýunça hünärmenleri ösdürmekde toplan tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sanlylaşdyrmak boýunça milli strategiýalary, sebitde tehnologik hünärmenlere bolan isleg we geljekde bilelikdäki bilim taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Maksatnamanyň çäklerinde hünärmenler Seul şäherindäki öňdebaryjy okuw merkezlerine baryp, bilim we tehnologiýa ugurlarynda ulanylýan täzeçil çemeleşmeler bilen tanyşdylar.

Şol bir wagtyň özünde, 19-njy awgustda Ýongdınpo sungat zalynda «Merkezi Aziýa: bilelikde ýaşamagyň geljegini açmak» atly ýaşlar lektoriýasy geçirildi. Çäre «15 minut dünýäni üýtgedýär» atly KF-Sebasi taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Lektoriýada Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň ýaş wekilleri Günorta Koreýadaky okuw, iş we durmuş tejribeleri barada çykyş etdiler. Türkmenistanyň adyndan bu çärä Koreýanyň hökümetiniň stipendiýasy bilen bilim alýan Ogulgül Nazarowa gatnaşdy.

Çärä gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli medeniýetini we däp-dessurlaryny görkezýän sergi bilen hem tanyşdylar. Guramaçylar we degişli ýurtlaryň ilçihanalary tarapyndan taýýarlanan etnografik sergide halklaryň däp bolan medeniýetine degişli dürli gymmatlyklar görkezildi.

Geçirilen çäreler Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň diňe ykdysady gatnaşyklar bilen çäklenmän, bilim, tehnologiýa, medeniýet we ýaşlar gatnaşyklary ýaly ugurlarda hem ösdürilýändigini görkezdi.

Hünärmenleriň, mugallymlaryň we ýaşlaryň arasynda göni aragatnaşyklaryň ösdürilmegi uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmäge we bilelikdäki bilim-tehnologiýa başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.