
Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3–11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň Memorialy – Aktobe Open 2026» atly halkara küşt ýaryşy türkmenistanly türgenler üçin şowly tamamlandy. Dünýäniň 21 döwletinden 210 küştçiniň, şol sanda 23 grossmeýsteriň gatnaşmagynda geçen bu abraýly bäsleşikde ýurdumyzyň wekilleri öz ussatlyklaryny subut etdiler.
Ýaryşyň «Open» kategoriýasynda çykyş eden 16 ýaşly zehinli küştçimiz Mähri Agamuradowa iň ýokary netijeleriň birini görkezdi. Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän mekdebiň 10-njy synp okuwçysy bolan Mähri, 9 tapgyryň dowamynda 6 utuk toplap, ýaryşyň zenan gatnaşyjylarynyň arasynda birinji orna mynasyp boldy. Umumy sanawda bolsa 15-nji orny eýeledi. Bu üstünlik Mähri Agamuradowa öz FIDE reýtingine 83,2 utuk goşmaga we zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussady (WFM) derejesine ýetmek üçin zerur bolan görkezijini gazanmaga mümkinçilik berdi. Zehinli türgeniň bu ýeňişlerinde tälimçisi Güljahan Owlýakulyýewanyň bitiren hyzmaty uludyr.
Milli ýygyndymyzyň beýleki wekilleri hem ýaryşy şowly jemlediler:
Bäsleşigiň iň güýçli küştçilerini özünde jemleýän «Masters» kategoriýasynda bolsa ýaş zehinimiz Amanmuhammet Hommadow Türkmenistanyň adyndan çykyş etdi. Ol özünden tejribeli grossmeýsterler bilen deň derejede bäsleşip, reýtingini 10,6 utuga ýokarlandyrdy. Amanmuhammet bu netijesi bilen halkara ussady (IM) derejesini almagyň şertlerini ýerine ýetirmäge has-da golaýlaşdy.
«Masters» kategoriýasynda ABŞ-dan gelen grossmeýster Endrýu Hong ýeňiji bolan bolsa, «Open» kategoriýasynda gazagystanly Alan Petuhow birinji orny eýeledi.
Türkmenistanyň küşt boýunça milli ýygyndysy häzirki wagtda tälimçilik okuw ýygnanyşygyny dowam etdirýär. Türgenlerimiziň öňünde iň möhüm maksatlaryň biri – sentýabr aýynda Samarkant şäherinde geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek durýar.
Keywords