«Turkmentextile Expo–2026» halkara sergisinde öz önümlerini görkezen türkmenistanyň «KWK» kompaniýasy, ýokary hilli aýakgaplary we özboluşly dizaýnly aksessuarlary bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi.
1996-njy ýyldan bäri dürli ugurlarda işläp gelýän we 2017-nji ýylda özbaşdak brend hökmünde hasaba alnan kompaniýa, şu günki günde erkekler, zenanlar we çagalar üçin el işi bolan aýakgaplary hem-de aksessuarlary öndürmekde uly tejribe toplady.
Ekzotiki derilerden ýokary hilli önümler
Kompaniýanyň önümçiliginiň esasy aýratynlygy, piton, krokodil, buýwol we düýeguş ýaly gymmatly hem-de ekzotiki derileri ulanmakdyr. Bu materiallar aýakgaplara gaýtalanmajak tebigy nagyşlary we özboluşly owadanlygy berýär. Şeýle hem, önümlerde italýan derileri (замшей ) we beýleki premium derejeli çig mallar ulanylýar.
Kompaniýanyň wekili Alirahman Kerimowyň belleýşi ýaly, KWK-nyň önümleri diňe bir owadanlygy bilen däl, eýsem berkligi we rahatlygy bilen hem tapawutlanýar:
- Durnuklylyk: Tebigy deriden tikilen aýakgaplar aýagyň şekiline çalt uýgunlaşýar we dogry ideg edilende 10–15 ýyla çenli hyzmat edip bilýär.
- Tehnologik artykmaçlyk: Kompaniýa diňe bir aýakgap däl, eýsem –40 gradus sowuga çenli durnukly bolan ýörite rezin dabanlary (подошвы) hem öndürýär.
- Individual çemeleşme: KWK müşderileriň islegine görä aýratyn sargytlar boýunça hem önüm taýýarlaýar. Hususan-da, atly sport üçin niýetlenen aýakgaplar uly islege eýedir.
Kepillik we geljekki meýilnamalar
KWK brendi öz önümlerine bir ýyllyk kepillik berýär. Bu hyzmata aýakgaplary arassalamak we restawrasiýa (dikeldiş) işleri hem girýär. Häzirki wagtda içerki bazarda ynamly öňe barýan kompaniýa, ýakyn geljekde önümlerini Russiýanyň bazaryna çykarmagy maksat edinýär.








Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.