Golaýda Lebap welaýat kitaphanasynyň gaznasyna dürli ugurlara degişli 1175 sany täze neşir gelip gowuşdy. Olaryň arasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen «Watançylyk taglymaty» atly kitaby, şeýle hem şahyrlar Halyl Kulyýewiň we Italmaz Nuryýewiň goşgular ýygyndylary bar.

Täze kitaplar kitaphananyň hünärmenleri tarapyndan degişli tertipde işlenip, onuň esasy gaznasyna kabul edildi. Neşirleriň bir bölegi welaýatdaky şäher we etrap kitaphanalaryna hem paýlanyldy.

Şeýle-de täze neşirleriň gelip gowuşmagy elektron kitap gaznasynyň üstüni ýetirdi. Olar baradaky maglumatlar kitaphananyň elektron katalogyna, şeýle hem elipbiý we pudaklaýyn kataloglaryna girizildi.