Türkmenistanyň senagat taýdan ösdürilmegine gönükdirilen täze milli strategiýanyň çäklerinde ýurtda 50 müňe çenli täze iş ornuny döretmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowyň eden çykyşynda bellenildi. Bu barada «Atavatan Türkmenistan» neşiri habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030–2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» birnäçe möhüm maksady öz içine alýar. Resminama laýyklykda, senagat pudagynda zähmet öndürijiligini 1,5 esse ýokarlandyrmak, sebitlerde çig mal däl önümleriň eksportyny 2–3 esse artdyrmak we 25 müňe çenli täze kiçi hem-de orta kärhanalary döretmek meýilleşdirilýär.
Şeýle-de kiçi we orta telekeçilikde zähmet çekýänleriň paýyny ykdysady taýdan işjeň ilatyň 40 göterimine ýetirmek, bu kärhanalaryň eksport möçberini bolsa iki esse artdyrmak maksat edinilýär.
Strategiýada tehnologik taýdan ösen kärhanalarda öndürilýän önümleriň möçberini 100 göterim, şol sanda eksport edilýän önümleriň möçberini 75 göterim artdyrmak arkaly ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň durnuklylygyny üpjün etmek hem göz öňünde tutulýar.
Hasabaty diňlän türkmen halkynyň Milli Lideri ýurtda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri öndürýän iri kärhanalaryň gurlandygyny belläp, milli senagat kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Ol täze senagat desgalaryny gurmak we kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek arkaly önümçilik möçberlerini ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.