Lebap welaýatynyň galla önümçilik kärhanalarynda şu ýylyň başyndan bäri 66 müň tonnadan gowrak un öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe öndürilen 57,4 müň tonna un bilen deňeşdirilende, 8,7 müň tonna köp bolup, önümçiligiň ösüş depgini 15 göterimden ýokary boldy.
Ösüşiň ýokary depgini welaýatda ýerli galla hasylyny gaýtadan işlemek, ilaty ýokary hilli un we un önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini görkezýär.
Bu ugurdaky iri önümçilik merkezleriniň biri Türkmenabat galla önümleri kärhanasydyr. 2013-nji ýylda ulanmaga berlen kärhana häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilip, önümçiligiň esasy bölegi awtomatlaşdyrylan ulgam arkaly amala aşyrylýar.
Kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 95,7 müň tonna barabardyr. Kärhanada döwrebap önümçilik tehnologiýalarynyň ulanylmagy önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga we öndürilýän unuň hilini ýokary derejede saklamaga mümkinçilik berýär.
Welaýatda galla önümleriniň önümçiliginiň artmagy içerki bazaryň zerurlyklaryny ýerli önümçiligiň hasabyna kanagatlandyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge we oba hojalyk önümlerini çuňdan gaýtadan işlemegiň gerimini giňeltmäge ýardam edýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.