2026-njy ýylyň 31-nji martynda Lebap welaýatynda mugallymlaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen «Ýylyň mugallymy — 2026» bäsleşiginiň welaýat tapgyry jemlenildi. Bäsleşikde welaýatymyzyň dürli künjeklerinden gelen mugallymlar öz bilimlerini we döwrebap okatmak usullaryny görkezdiler.
Emin agzalarynyň adalatly bahalaryna görä, Halaç etrabynyň 4-nji mekdebiniň iňlis dili mugallymy Anna Jumageldiýewa 94 bal bilen I orna mynasyp boldy. Şeýle hem bäsleşikde ýokary netije görkezen beýleki mugallymlaryň atlaryny buýsanç bilen belleýäris:
- Enejan Ereşowa (Çärjew etraby., 12-nji mekdep, geografiýa) — 90 bal (II orun);
- Aman Berdimyradow (Türkmenabat ş., 39-njy mekdep, biologiýa) — 90 bal (II orun);
- Aýsoltan Amanmedowa (Saýat etraby, 4-nji mekdep, matematika) — 87 bal (III orun);
- Dilşat Ýaraşowa (Darganata etraby, 1-nji mekdep, iňlis dili) — 87 bal (III orun);
- Tatýana Ýewdokimowa (Dänew etraby, 19-njy mekdep, rus dili) — 87 bal (III orun);
- Bahar Rozmyradowa (Döwletli etraby,9-njy mekdep, türkmen dili we edebiýaty) — 80 bal.
- Gunça Rejepowa (Kerki etraby, 6-njy mekdep, taryh) — 79 bal;
- Alijan Açilow (Farap etraby, 1-nji mekdep, iňlis dili) — 78 bal;
- Güldesse Rozykulowa (Köýtendag etraby, 40-njy mekdep, himiýa) — 75 bal;
- Miýesser Janmyradowa (Hojambaz etraby, 8-nji mekdep, başlangyç synp mugallym) — 70 bal;
- Jennet Akyýewa (Garabekewül etraby, 19-njy mekdep, türkmen dili) — 70 bal;
Material «Amul Info» redaksiýasy tarapyndan welaýat Bilim müdirliginiň resmi maglumatlary esasynda taýýarlandy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.