Özbegistanyň Buhara şäherinde çagalar we ýetginjekler arasynda guralan halkara tennis ýaryşynda Türkmenistanyň adyndan çykyş eden ýaş türgen uly üstünlige eýe boldy. Türkmenabat şäherindäki 25-nji orta mekdebiň okuwçysy, zehinli tennisçi Selbi Seýitnazarowa ýaryşda öz ýaş topary boýunça garşydaşlarynyň ählisini yzda galdyryp, ýaryşyň çempiony boldy.
«Gyzyl dereje» kategoriýasynda 2017-nji ýyldan soň doglanlaryň arasynda çykyş eden Selbi Seýitnazarowa ýaryşda göni iki altyn medala we kuboga eýe boldy. Tälimçisi Azat Astanowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýän ýaş zehin halkara sahnada ählini haýran galdyrmagy başardy. Bu halkara ýaryş türkmen ýaş türgenleriniň ýokary potensialyny ýene bir gezek subut etdi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.