Lionel Messi «Inter Maýami» toparynyň düzüminde 100-nji goluny geçirip, klubyň taryhynda täze sepgide ýetdi. Argentinaly hüjümçi bu netijäni «Krus Asul» bilen geçirilen Kampeones kubogynyň final duşuşygynda gazandy.
«Inter Maýami» bilen «Krus Asulyň» arasyndaky duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Gollaryň birini Lionel Messi, beýlekisini bolsa Kazemiro geçirdi. Şeýlelikde, «Inter Maýami» Baş futbol ligasynyň (MLS) çempiony bilen Meksikanyň çempionynyň arasynda geçirilýän Kampeones kubogynyň eýesi boldy.
39 ýaşly Messi «Inter Maýaminiň» düzüminde 115-nji duşuşygyny geçirip, topar üçin 100-nji goluny tora girizdi. Şeýlelikde, ol amerikan klubyndaky netijeliligini ýene-de bir möhüm görkeziji bilen baýlaşdyrdy.
Messiniň professional karýerasyndaky gollarynyň umumy sany häzirki wagtda 929-a ýetdi. Şolaryň 795-si klub derejesinde, 125-si bolsa Argentina milli ýygyndysynyň düzüminde geçirilen duşuşyklarda tora girizildi. Bu görkezijä ýetmek üçin argentinaly futbolça jemi 1175 duşuşyk gerek boldy.
Messi «Inter Maýamide» 115 oýunda 100 gol geçirip, ýokary netijeliligini görkezdi. Mundan öň ol «PSŽ-niň» düzüminde 75 duşuşykda 32, «Barselonada» bolsa 778 oýunda 672 gol geçiripdi.
Argentina milli ýygyndysynda bolsa Messi şu wagta çenli 207 duşuşyk geçirip, milli ýygyndynyň taryhyndaky iň netijeli futbolçylaryň biri hökmünde çykyş edýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.