Argentina milli ýygyndysynyň kapitany Lionel Messiniň kakasy Horhe Messi Argentinanyň Rosario şäherindäki hassahanada 68 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada 8-nji awgustda, şenbe güni Infobae neşiri habar berdi.
Neşiriň berýän maglumatyna görä, Horhe Messi uzak wagtlap kesel bilen göreşip gelipdir. Onuň keseli barada anyk maglumatlar berilmeýär. Habar çap edilen pursadyna çenli futbolçynyň maşgalasyndan ýa-da wekillerinden resmi beýannama gelip gowuşmandyr.
Horhe Messi oglunyň futbolçylyk ýolunyň bütin dowamynda onuň durmuşynda esasy adamlaryň biri bolup galdy. Ol oglunyň baş halypasy bolup, meýdançadan daşardaky ähli işleri öz üstüne alypdy. Hususan-da, Lionel Messi 10 ýaşyndaka ösüş gormonynyň ýetmezçiligi ýüze çykarylyp, gymmat bahaly sanjymlara mätäç bolan döwründe ogluna zerur bejerginiň alynmagyny hut Horhe Messi gazanypdy.
2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň tamamlanandan soň, Lionel Messi kesellän kakasy bilen wagt geçirmek üçin watanyna uçup bardy. Mundan ozal futbolçynyň ýaryşda Alžiriň milli ýygyndysyna garşy geçirilen duşuşykdan soň futbola degişli bolmadyk sebäplere görä gözýaş dökendigini we özüniň «birnäçe kyn gününi» başdan geçirendigini aýdandygy habar berlipdi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.