
Angliýanyň «Liwerpul» futbol kluby täze möwsüm üçin baş tälimçi wezipesine ispaniýaly hünärmen Andoni Iraolanyň bellenendigini resmi taýdan tassyklady. Ol bu wezipede Arne Slotyň ornuny tutdy.
Klubuň «Twitter» jemgyýetçilik torundaky resmi sahypasynda çap edilen beýanatda: «Biz 2026/2027-nji ýyllar möwsüminde klubyň baş tälimçisi wezipesine geçmek barada Andoni Iraola bilen ylalaşyk gazanylandygyny tassyklaýarys» diýlip bellenilýär.
43 ýaşly Andoni Iraola «Bornmut» toparynda geçirilen üç möwsümden soň «Liwerpula» geçmegi makul bildi. «Bornmut» kluby tälimçini öz düzüminde saklap galmaga synanyşan hem bolsa, Iraola şertnamasyny uzaltmazlyk kararyna geldi. Onuň bu wezipä bellenmegi, geçen möwsümde «Bornmuty» Premýer-liganyň taryhyndaky iň ýokary orunlara çykarmagy bilen baglanyşyklydyr.
«Liwerpul» klubunyň ýolbaşçylygy 30-njy maýda Arne Sloty wezipesinden boşatdy. Iki ýyl ozal Ýurgen Kloppuň ornuna gelen Slot, ilkinji möwsüminde topary Premýer-liganyň çempiony derejesine ýetirmegi başarypdy. Emma Slotyň ýolbaşçylygyndaky ikinji möwsümde, toparyň düzümine uly maliýe serişdeleriniň gönükdirilendigine garamazdan, garaşylýan netijeler gazanylmady. Bu bolsa kluby tälimçini çalyşmak baradaky karara getirdi.
Keywords