
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dersler boýunça onlaýn olimpiadalaryň tapgyryny gurnaýar.
Uniwersitet ýurduň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny degişlilikde 18-nji martda, 27-nji martda we 10-njy aprelde geçiriljek biologiýa, iňlis dili hem-de döwrebap kompýuter tehnologiýalary boýunça olimpiadalara gatnaşmaga çagyrýar.
Olimpiadalar ýeke-täk tapgyrda, uniwersitetiň sanly bilim portalynda test görnüşinde we şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler.
Gatnaşmak üçin sargytlar şu möhletlere çenli kabul edilýär:
Hasaba alyş sargydyny tabşyrmak üçin bellenen nusga boýunça anketa doldurylmalydyr. Anketa gatnaşyjy talyplar we jogapkär ýolbaşçy mugallym baradaky maglumatlary öz içine almalydyr hem-de saýlanan bäsleşigiň guramaçylyk komitetiniň elektron poçtasyna iberilmelidir.
Hasaba alyş anketasynyň nusgasy, guramaçylaryň elektron salgylary, habarlaşmak üçin telefon belgileri, şeýle hem bäsleşikler baradaky giňişleýin maglumatlar Magtymguly adyndaky TDU-nyň saýtynda ýerleşdirildi.
Bu olimpiadalar iň zehinli we ukyply talyplary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek, talyplaryň daşary ýurt dillerini, takyk we tebigy ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, ýaşlaryň sanly sowatlylygyny ýokarlandyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, peýdaly ylmy maglumatlary alyşmak hem-de ylym we bilim ulgamynda ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek maksady bilen geçirilýär.
Keywords