
Malaýziýa Türkmenistan bilen syýahatçylyk pudagyndaky gatnaşyklary ýokarlandyrmaga we hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly üns berýär. Aşgabatda iki ýurduň syýahatçylyk ugurly wekilleriniň gatnaşmagynda dünýä möçberindäki «Visit Malaysia 2026» maksatnamasyna bagyşlanan ilkinji ýöriteleşdirilen duşuşyk boldy.
Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýyl-ýyldan berkremegine Aşgabat bilen Kuala-Lumpuryň arasynda amala aşyrylýan göni howa gatnawlary uly goşant goşýar. Bu göni uçar gatnawlary Türkmenistanyň raýatlaryna deňiz kenarynda dynç almak, iş saparlaryny guramak ýa-da bilim almak maksady bilen Malaýziýa gitmek üçin has amatly we çalt mümkinçilikleri döredýär.
Türkmen raýatlarynyň bu Aziýa ýurduna bolan gyzyklanmasy barha artýar. Has takygy, geçen ýyl Malaýziýa syýahat eden türkmenistanlylaryň sany 42 göterimden hem gowrak artyp, 10 müň adamy geçdi. Bu oňyn ösüş depgini şu ýylda hem yzygiderli dowam edýär.
Malaýziýa özüniň üýtgeşik tebigaty, baý medeni mirasy, döwrebaplygy hem-de ýokary howpsuzlyk derejesi bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Şeýle hem, ýurtda halal infrastrukturasynyň ýokary derejede ösdürilmegi we myhmansöýerlik däpleri onuň musulman syýahatçylar üçin dünýädäki iň amatly ugurlaryň biri hökmünde ykrar edilmegine getirdi.
Aşgabatda geçirilen duşuşyk ýerli syýahatçylyk agentliklerine malaýziýaly hyzmatdaşlar bilen göni işewür gatnaşyklary ýola goýmaga giň ýol açdy. Bu bolsa ýakyn wagtda raýatlar üçin has amatly syýahat bukjalarynyň, täze turlar we gyzykly gezelenç ugurlarynyň döremegine uly ýardam berer.
Keywords