Türkmen dzýudosynyň ýaş wekili Maýsa Pardaýewa halkara arenada gazanýan üstünlikleri bilen ýurduň sport abraýyny belende göterýän türgenleriň birine öwrüldi. Lebap welaýatynyň Köýtendag şäherinde doglan ýaş dzýudoçy häzirki wagtda 57 kilograma çenli agram derejesinde dünýäniň güýçli türgenleriniň hatarynda görkezilýär.
Maýsa Pardaýewa 2005-nji ýylyň 14-nji fewralynda dünýä indi. Onuň sport ýolunyň başlangyjynda ilkinji tälimçileri Jora Mätnazarow we halkara derejeli dzýudoçy Gülbadam Babamuradowa möhüm orun eýeledi. Hut olaryň ýolbaşçylygynda ýaş türgen uly üstünliklere alyp baran ilkinji ädimlerini ätdi.
2023-nji ýylda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny götermek hormatyna mynasyp bolan Maýsa şol ýaryşda bürünç medaly hem gazanyp, halkara sport jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi.
Soňky ýyllarda ol Aziýa we Ýewropa derejesindäki ýaşlar ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, «Antalya Grand Slam» ýaryşynda baýrakly orunlary eýeledi. Şeýle hem 2024-nji ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, gymmatly tejribe toplady.
2026-njy ýyl Maýsa Pardaýewanyň sport ýolunda aýratyn ähmiýetli ýyllaryň biri boldy. Ilki bilen ol «Ulaanbaatar Grand Slam» ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy. Soňra bolsa Hytaýda geçirilen Sindao Gran-prisinde ähli garşydaşlaryny ýeňip, altyn medaly gazandy. Bu üstünlik türkmen dzýudosynyň taryhyndaky möhüm netijeleriň biri hökmünde hasaba alyndy.
Gazanan bu ýeňişleri Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak ugrunda möhüm reýting utuklaryny toplamagyna hem ýardam etdi.
Maýsa Pardaýewanyň sport ýoly tutanýerliligiň, zähmetsöýerligiň we maksada okgunlylygyň aýdyň nusgasydyr. Onuň halkara ýaryşlardaky üstünlikleri türkmen sportunyň abraýyny dünýäde has-da belende göterýär.








Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.