Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylaryny we sport mekdepleriniň zehinli ýaşlaryny sport baýramyna çagyrýar. Bu bäsleşikler ýaşlaryň ukyplaryny ýüze çykarmak we täze nesil türgenleri kemala getirmek üçin möhüm ädimdir.

Bäsleşikler sagat 14:00-dan 18:00-a çenli TDBSI-niň köpugurly sport toplumynda geçiriler.

1. Bedenterbiýe we sport bäsleşikleri:

  • 4 — 6-njy maý: Umumy beden taýýarlygy we tizlik-güýç alamatly sport görnüşleri.
  • 7 — 9-njy maý: Sportuň oýun we göreş görnüşleri boýunça ýörite beden taýýarlygy (test bäsleşikleri).

2. TDBSI-niň açyk çempionatlary:

  • 12 — 14-nji maý: Türkmen milli we guşakly göreş.
  • 15 — 17-nji maý: Grek-rim we erkin göreş.
  • 22 — 24-nji maý: Sambo göreşi.

Isleg bildirýänler aşakdaky usullar arkaly hasaba aldyryp bilerler:

  1. Onlaýn: QR-kod ulgamy arkaly ýa-da tdbsi@sanly.tm elektron salgysyna maglumatlaryny ugratmak bilen.
  2. Gönümel: Bäsleşik başlamazdan öň göni instituta gelip hasaba durmak arkaly.
Bellik: Bäsleşikleriň doly düzgünnamalary we goşmaça maglumatlar bilen institutyň resmi saýty bolan www.tdbsi.edu.tm salgysynda tanşyp bilersiňiz.