
Mekgede ýakyn geljekde täze howa menziliniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Howa menziliniň we metro ulgamynyň gurluşyk meýilnamalary her ýyl Mekgä gelýän köp sanly zyýaratçylaryň barmagyny aňsatlaşdyrmaga we musulmanlaryň mukaddes şäheriniň içindäki hereketi ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir. Mekge şäheri we mukaddes ýerler boýunça Patyşalyk komissiýasynyň (RCMC) baş direktory Saleh al-Raşid bu meýilnamalary «Harvard Business Review Arabia» neşirine beren interwýusynda tassyklady.
Howa menziliniň we metro ulgamynyň gurluşygy Mekgäniň içindäki hereketi ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda şäheriň öz Halkara howa menzili ýok we daşary ýurtly zyýaratçylaryň köpüsi Mekgeden, takmynan, 100 kilometr uzaklykda ýerleşýän Jiddedäki Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziliniň üsti bilen gelýärler. Mekgäniň daglyk ýerleri howa gatnawyny kynlaşdyrýar: ol turbulentli zolaklary döredýär, gonuşy kynlaşdyrýar we görnüş hem-de howa şertleri bilen bagly kynçylyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär.
Al-Raşid şeýle hem eýýäm tehniki-ykdysady esaslandyryş tapgyryndan geçen «Mekge metrosy» taslamasyny durmuşa geçirmek baradaky meýilnamalary habar berdi. 2022-nji ýylda Mekgede awtobus gatnawlarynyň ýola goýulmagy bilen, şu güne çenli bu hyzmatdan peýdalanan ýolagçylaryň sany onlarça milliona ýetdi.
Statistika baradaky baş müdirligiň (GASTAT) maglumatlaryna görä, geçen ýyl Saud Arabystany dürli giriş nokatlary arkaly daşary ýurtdan haj zyýaratyna gelen 1,5 milliondan gowrak daşary ýurtly zyýaratçyny kabul etdi. Umumylykda, zyýaratçylaryň sany 1,6 million adamdan geçdi. 2024-nji ýylda GASTAT-yň haj boýunça statistikasyna görä, Ýewropadan, Amerikadan, Awstraliýadan we beýleki ýurtlardan gelen zyýaratçylar syýahatçylaryň 3,2%-ini düzdi.
Her ýyl guralýan zyýarat, zerur maliýe serişdeleri we fiziki mümkinçilikleri bolan musulmanlar üçin bir gezeklik parzdyr. Haj zyýaraty täze Aýyň görünmegi bilen baglylykda 5-6 gün dowam edýär we yslam senenamasyna görä zil-hijje aýynda berjaý edilýär.
Keywords