Garagum çöleginiň merkezi bölegindäki «Çemmerli» gaz ýataklarynda täze baha beriş-ulanyş guýysy işe girizildi. Bu ýerden alnan senagat ähmiýetli tebigy gazyň gije-gündüziň dowamyndaky möçberi 150–200 müň kubmetre ýetdi.

1200 metr çuňlukdaky № 265 guýyny «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan üstünlikli burawlandy. 1114–1110 metr aralykdaky önümli gatlakda geçirilen synag işleriniň netijesinde durnukly gije-gündüziň dowamynda bellige alyndy. Bu görkeziji ýerli ýatagyň senagat taýdan ýokary kuwwata eýe eýedigini ýene bir gezek subut edýär.

«Çemmerli» ýatagyny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň çig mal bazasyny giňeltmäge gönükdirilen maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar. Ýokary debitli täze guýularyň ulanmaga berilmegi «gök ýangygynyň» çykarylyş möçberlerini artdyrmaga, ýurdumyzyň içerki zerurlyklaryny doly üpjün etmäge hem-de Türkmenistanyň dünýä energetika bazaryndaky eksport mümkinçiliklerini has-da berkitmäge hyzmat edýär.