
Türkmenistanyň dokma senagaty pudagy dünýä derejeli ähmiýete eýe bolan uly waka taýýarlanýar. Şu ýylyň 4–6-njy iýuny aralygynda paýtagtymyzda geçiriljek «Turkmen Textile Expo 2026» halkara sergisine dünýä belli britan moda öýi «Vivienne Westwood-yň» baş direktory Karlo D'Amario hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Ýokary derejeli ýolbaşçy serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda guraljak halkara moda görkezilişine hem syn eder.
«Vivienne Westwood» brendi onýyllyklaryň dowamynda ýokary modanyň esasy ugurlaryny kesgitläp, dünýä moda taryhynda iň täsirli we abraýly güýçleriň biri hökmünde tanalýar. Bu meşhur moda öýüniň batyrgaý we özboluşly kolleksiýalaryny Madonna, Lady Gaga, Dua Lipa, Naomi Kempbell hem-de Bella Hadid ýaly dünýä ýyldyzlary esasy podiumlarda we kaşaň dabaralarda yzygiderli geýinýärler.
Meşhur brende takmynan kyrk ýyl bäri üstünlikli ýolbaşçylyk edip gelýär Karlo D'Amario. Hut onuň strategik dolandyryşy we netijeli çäreleri netijesinde «Vivienne Westwood» halkara kaşaň harytlar bazarynda öňdebaryjy orunlary eýeledi we özüniň üýtgeşik döredijilik ruhuny saklamagy başardy. Şeýle ýokary derejeli şahsyýetiň Aşgabada gelmegi bolsa ýurdumyzyň dokma pudagyna, milli matalarymyza we sebitimiziň dizaýn mümkinçiliklerine dünýä bazarynda gyzyklanmanyň barha artýandygyny subut edýär.
Paýtagtymyzyň podiumynda britan moda öýüniň ýolbaşçysy diňe bir ýerli dizaýnerleriň däl, eýsem Fransiýanyň, Marokkonyň, Omanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň täze kolleksiýalary bilen hem ýakyn wezipede tanşar. Bu halkara çäre ýerli ýaş dizaýnerler, pudagyň hünärmenleri hem-de stil muşdaklary üçin kaşaň moda dünýäsiniň iň ýokary derejeli bilermeni bilen tejribe alyşmaga seýrek we örän gymmatly mümkinçilik döreder.
Keywords