
Mukaddes Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde yslam dünýäsiniň iň çuňňur ruhy we mukaddes ýerlerine zyýarat edýän müňlerçe türkmenistanly ildeşlerimiz öz Haj parzlaryny uly yhlas we ynam bilen berjaý edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Saud Arabystany Patyşalygynda keramatly Mekge we Medine şäherlerinde zyýaratda bolýan ildeşlerimiz baýramçylyk günlerinde mukaddes toprakda gurbanlyk sadakasyny berdiler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýratyn habar berildi.
Mälim bolşy ýaly, Haj parzyny amala aşyrýan zyýaratçylarymyz üçin guralan bu döwlet derejesindäki gurbanlyk sadakasy halkymyzyň asyrlar boýuň dowam edip gelýän milli we ruhy däp-dessurlarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Mukaddes toprakda guralan gurbanlyk sadakasynda türkmen halkynyň milli tagamlary taýýarlanyp, zyýaratçylara hem-de myhmanlara ýokary derejede hödür-kerem edildi.
Sadakanyň dowamynda ildeşlerimiz halkymyzyň bagtyýar, asuda we parahat durmuşynyň üpjün edilmegi, ýurdumyzyň abadançylygynyň hem-de ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda yzygiderli we taryhy tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman hajy Arkadaga hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman hajy Serdara özleriniň çuňňur hoşallyk we alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gurbanlyk sadakasynyň dowamynda mukaddes Gurany Kerimden aýat-töwirler okalyp, halkymyzyň parahatlygy, agzybirligi we asuda geljegi üçin ýagşy dilegler edildi. Ýürekden çykan doga-dileglerde mukaddes Gurban aýynda berlen sadakalaryň, edilen zyýaratlaryň we amala aşyrylan Haj parzlarynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy tüýs ýürekden dileg edildi.
Bu waka, Türkmenistanda ynsanyň ruhy azatlygyna, milli we dini gymmatlyklaryna goýulýan uly hormatyň hem-de döwlet tarapyndan raýatlara döredilýän giň mümkinçilikleriň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
Keywords