Dün­ýä­de myh­man­sö­ýer­li­giň we işe­wür­li­giň ny­şa­ny hök­mün­de bir käse (çaş­ka) ko­fe hö­dür edil­ýär. Adam­lar ko­fe­niň ba­şyn­da hal-ah­wal so­ra­şyp, iş we gel­jek­ki me­ýil­na­ma­lar ba­ra­da pi­kir alyş­ýar­lar. Häzirki wagtda dünýäde kofeniň arabika, robusta, liberika ýaly 120-den gow­rak gör­nü­şi bar. Taý­ýar­la­nyş usu­ly­na görä bolsa onuň ecspresso, amerikano, latte, kapuçino, moki, türk kofesi we süzülen kofesi ýaly görnüşleri giňden ýaýrandyr.

Adat­ça, köp ýer­de kofeniň ýa­ny bi­len bir bulgur suw hem ge­ti­ril­ýär. Kofeniň ýa­nyn­da suw getirilmeginiň diňe bir däp-des­sur bilen bagly däp, eýsem, sag­lyk we tagam taýdan örän mö­hüm sebäpleri bar.

Tagamy duýmaga we bokurdagy arassalamaga köp edýär

Kofeden öň ýa-da göni ondan soň suw içilmegi bu içginiň güýç­li ajy­ly­gy­ny aýyrmaga we onuň özboluşly hoşboý ysyn­dan doly lez­zet al­ma­ga müm­kinçilik berýär. Suw agyz boşlugyny we bokurdagy öňki iýen zatlaryň tagamyndan arassalaýar, netijede adam kofeniň hakyky tagamyny has aýdyň duýýar. Şeýle hem kofeniň düzümindäki kofein agyz gurlygyny döredip bilýändigi üçin, suw içmek bu ýagdaýy deňleşdirmäge we ýaramaz tagamy ýok etmäge ýardam edýär.