
Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 11-nji tapgyrynyň ilkinji oýunlary Türkmenbaşy, Aşgabat we Balkanabat şäherlerinde geçirildi. Tapgyryň ilkinji duşuşyklary gollara baý bolmagy, garaşylýan uly hasaply ýeňişler we köp sanly sary kartoçkaly çekeleşikli oýunlar bilen janköýerleriň ýadynda galdy.
Ýokary liganyň lideri «Arkadag» topary Türkmenbaşy şäherinde «Şagadamynyň» myhmany boldy. Duşuşygyň 5-nji minutynda Rahman Myratberdiýew tiz gol urup, toparyny öňe gurdy. Birinji ýarymyň ahyrynda, ýagny 45-nji minutda Daýanç Meredow hasaby artdyran hem bolsa, meýdan eýeleriniň oýunçysy Guwanç Waliýew birinji gatyşyk wagtyň 2-nji minutynda jogap goluny urup, oýnuň dowamyna üýtgeşik öwüşgin berdi.
Emma duşuşygyň ikinji ýarymynda «Arkadagyň» futbolçylary doly artykmaçlygy öz ellerine aldylar we bellenilen iki sany 11 metrlik jerime urgusyny dürs ulandylar. Gollary Güýçmurat Annagulyýew (70-nji m.) we Resul Hojaýew (79-njy m.) öz atlaryna ýazdyryp, oýnuň 4:1 hasabynda tamamlanmagyny üpjün etdiler.
Aşgabadyň «Aşgabat» topary öz meýdançasy bolan «Nisa» stadionynda Marynyň «Merw» toparyny 5:1 hasabynda uly utuş bilen ýeňmegi başardy. Oýnuň 44-nji minutynda Merdan Muhadow hasaby açýança, iki toparyň arasynda deňe-deň bäsleşik dowam etdi.
Ikinji ýarymda bolsa paýtagtlylar hüjümleri has-da güýçlendirdiler. Ilki bilen 65-nji minutda Şatlyk Gurbanow hasaby 2:0 ýetirdi, soňra bolsa «Aşgabadyň» hüjümçisi Pirmyrat Soltanow sahna çykdy. Ol bary-ýogy 15 minutda (69, 79 we 84-nji minutynda penaltiden) tapawutlandy. «Merwiň» oýunçysy Abdyresul Abdyýewiň 86-njy minutda uran goly bolsa myhmanlara uly peýda bermedi.
Balkanabatda dartgynly bäsleşik
Balkanabat şäherinde geçirilen we ýerli «Nebitçi» bilen turnir tablisasynyň ahyrynda barýan «Köpetdag» toparynyň arasyndaky duşuşyk gollara juda baý bolmasa-da, çekeleşikli boldy. Oýnuň ykbalyny 17-nji minutda «Nebitçiniň» futbolçysy Seýitmämmet Hojamämmedowyň uran ýeke-täk goly çözdi (1:0).
Oýnuň galan wagtynda meýdançada örän gyzgyn we gödek bäsleşik dowam etdi. Duşuşygyň emini oýunçylara jemi 10 gezek sary kartoçka görkezmeli boldy. Esasanam duşuşygyň ahyrynda dörän dartgynlylyk sebäpli ýerli toparyň 8 sany futbolçysy sary kartoçka aldy. Şeýle-de bolsa, «Nebitçi» hasaby saklap, möhüm 3 utugy gazandy.
11-nji tapgyryň jemleýji oýnunda çempionatyň iki güýçli kluby — «Altyn asyr» we «Ahal» toparlary duşuşarlar. Häzirki wagtda toparlaryň utuk sanyny aşakdaky ýagdaýda synlamak bolýar:
Çempionatyň iň gowy mergenleriniň sanawynda «Arkadagyň» hüjümçisi Didar Durdyýew 9 gol (2-si penaltiden) bilen öňde barýar. Ondan soňra Süleýman Mirzoýew («Ahal») — 6 gol (2-si penaltiden), Resul Hojaýew («Arkadag», 1-i penaltiden) we Serdar Gulyýew («Şagadam», 2-si penaltiden) dagy 5 gol bilen barýarlar.
Keywords