
«Opta» statistika platformasynyň superkompýuteri 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda ýygyndy toparlaryň çempion bolmak mümkinçiliklerine degişli iň soňky çaklamalaryny çap etdi.
Emeli aň tarapyndan geçirilen hasaplamalara görä, dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmaga iň uly mümkinçiligi bolan ýygyndy Ispaniýanyň milli toparydyr. Superkompýuter onuň çempion bolmak ähtimallygyny 16 göterim derejesinde bahalandyrýar.
Çempionlyk ugrundaky esasy dalaşgärleriň ilkinji üçlügine Fransiýanyň milli ýygyndysy hem girdi. Bu toparyň dünýä çempiony bolmak mümkinçiligi 12,9 göterim hökmünde görkezilýär. Üçünji orunda bolsa 10,8 göterim görkezijisi bilen Angliýanyň milli ýygyndysy ýerleşýär.
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty öz gerimi boýunça futbol taryhyndaky iň uly ýaryş bolar. Ilkinji gezek final tapgyryna 48 ýygyndy topar gatnaşar. Şeýle hem ýaryşyň dowamynda jemi 104 duşuşyk geçiriler.
Çempionata gatnaşýan toparlar her birinde dört ýygyndy bolan 12 toparça bölüner. Guramaçy ýurtlar bolan ABŞ, Kanada we Meksika saýlama duşuşyklaryna gatnaşmazdan, dünýä çempionatynyň final tapgyryna gönüden-göni gatnaşmak hukugyna eýe boldular. Galan 45 ýygyndy bolsa bu mümkinçiligi saýlama ýaryşlarynyň netijeleri boýunça gazandy.
Toparlaýyn tapgyr 11—27-nji iýun aralygynda geçiriler. Bu tapgyrda toparlar biri-biri bilen aýlaw ulgamy boýunça duşuşarlar we her ýygyndy üç oýun geçirer.
Pleý-off tapgyryna her toparçadan ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar, şeýle hem üçünji orunlary eýelän toparlaryň arasynda iň gowy netije görkezjek sekiz ýygyndy çykyp, çempionlyk ugrundaky göreşi dowam etdirer.
Keywords