Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýurtda galla oragy möwsüminiň başlanmagy bilen baglylykda, meýdanlarda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça zerur talaplary ýatlatdy.

Ýangyn howpsuzlygynyň esasy düzgünleri:

  • Tehnikalar: Orakda işleýän ähli oba hojalyk tehnikalary ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleri bilen üpjün edilmeli. Traktorlaryň we kombaýnlaryň tüssä çykýan turbalaryna yzygiderli arassalanylýan ot söndürijiler (iskrogasitel) oturdylmalydyr.
  • Howpsuz aralyk: Tehnikalaryň duralgalary, ýangyç guýýan nokatlar we kebşirleme işleri geçirilýän ýerler, ekin meýdanlaryndan azyndan 100 metr uzaklykda ýerleşmelidir.
  • Gorag zolaklary: Galla meýdanlarynyň hem-de ýollaryň ugrunda ini azyndan 30 metr bolan, çuňlugy 25–30 santimetr derejesinde sürlen gorag zolaklary çekilmelidir.
  • Gadaganlyklar: Meýdanlarda galyndylary we samanlary ýakmak düýbünden gadagan edilýär.
  • Gözegçilik we taýýarlyk: Elektrik geçirijileri ýaşaýyş jaýlaryndan 50 metr, ekin meýdanlaryndan bolsa 100 metr uzaklykda bolmalydyr. Galla ammarlaryndaky elektrik enjamlary howpsuzlyk kadalaryna laýyklykda gurnalmalydyr. Ýerlerde ýangyn ýüze çykan halatynda derrew hereket etmek üçin suw çekiji awtoulaglar taýýar ýagdaýda saklanmalydyr.

Içeri işler ministrligi orak möwsüminde işleýän sürüjileriň we mehanizatorlaryň yzygiderli gözükdirmelerden (instruktajdan) geçmelidigini ýatladýar. Ýangyn howpy ýüze çykan ýagdaýynda «01» ýa-da ykjam telefonlardan «001» belgilerine jaň etmek zerurdyr.