
Futbol boýunça Özbegistanyň milli ýygyndysy öňde duran Dünýä çempionatyna görýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde Kanadanyň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Özara duşuşykda özbek futbolçylary bäsdeşlerinden 0:2 hasabynda ýeňildi.
Kanadanyň Edmonton şäherinde guralan oýun meýdan eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçdi. Ýeňiş gazanan toparyň gollaryny oýnuň 58-nji minutynda Jonatan Osorio hem-de duşuşygyň ahyrynda, ýagny 90+1-nji minutda Jeýden Nelson öz adyna ýazdyrmagy başardy.
2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň badalga almagynyň öňüsyrasynda Özbegistanyň ýygyndysy indiki synag duşuşygyny şu ýylyň 8-nji iýunynda myhmançylykda güýçli bäsdeşleriň biri bolan Niderlandlaryň milli ýygyndysyna garşy geçirer. Kanada bolsa 6-njy iýunda öz meýdançasynda Irlandiýanyň milli toparyny kabul eder.
Şu ýylyň 11-nji iýuny — 19-njy iýuly aralygynda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada guraljak Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysy «K» toparda çykyş eder. Olar toparlaýyn tapgyrda Portugaliýa, Kongo Demokratik Respublikasy we Kolumbiýa bilen indiki tapgyra çykmak ugrunda güýç synanyşarlar. Meýdan eýesi bolan Kanadanyň ýygyndysy bolsa «B» toparda Şweýsariýa, Katar hem-de Bosniýa we Gersegowina bilen duşuşar.
Ýatlap geçsek, Özbegistanyň milli ýygyndysy öz futbol taryhynda ilkinji gezek Dünýä çempionatynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Keywords