Pakistanyň işewür toparlarynyň we döwlet edaralarynyň wekilleri Türkmenistanyň kompaniýalary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde «Aýdyň Gijeler» kärhanasyna baryp gördüler.

Iş saparynyň dowamynda pakistanly myhmanlara kärhananyň önümçilik mümkinçilikleri we öndürilýän harytlar barada maglumat berildi. Wekiliýetiň agzalary kompaniýanyň önümleriniň görkezilýän sergi zalynda bolup, önümçiligiň dürli ugurlary bilen tanyşdylar.

Myhmanlar aýratyn-da kabel önümlerine, plastik kartlara, telewizorlara we planşetlere uly gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Pakistanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, ýerli önümçiligiň mümkinçiliklerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmak hem-de işewür toparlaryň arasynda göni hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleriniň ähmiýeti bellenildi.

Pakistanyň wekilleriniň «Aýdyň Gijeler» kärhanasynyň önümçilik mümkinçilikleri bilen tanyşmagy iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda täze hyzmatdaşlyk ugurlarynyň ýüze çykmagyna şert döredip biler.