Türkmenistanyň paýtagt şäherinde ýaşlar, hünärmenler we işewürler üçin niýetlenen döwrebap «Bilelik Hub» döredijilik merkezi işine başlaýar. Bu mynasybetli şu ýylyň 7-nji awgustynda merkezde «Açyk gapylar güni» bolar. Guramçylar halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň hem-de işewürlik jemgyýetleriniň wekillerini bu täze meýdançanyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga çagyrýarlar.
Täze merkez «Aşgabat» söwda merkeziniň 1-nji gatynyň «C» blokunda ýerleşýär. Ol özünde maslahat zallaryny, gibrid iş zolaklaryny we oňaýly Coworking giňişligini jemleýär. Şeýle hem merkez ýokary tizlikli internet, iň täze tehniki enjamlar we dört dilden ybarat bolan sinhron terjime ulgamlary bilen doly üpjün edilendir.
Açyk gapylar gününiň maksatnamasyna laýyklykda, myhmanlar iş giňişliklerini göni synlap görüp, olaryň tehniki üpjünçiligine baha berip bilerler. Şeýle hem çärä gatnaşyjylara media goldawy we keýtering ýaly hyzmatlaryň doly toplumy barada giňişleýin maglumat berler. Bu dabaraly duşuşyk bir käse kofe başynda resmi däl ýagdaýda aragatnaşyk saklamak, täze tejribe alyşmak we geljekki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.
Bellenilişi ýaly, «Bilelik Hub» dürli derejedäki maslahatlary, seminarlary, treningleri, işewür duşuşyklary we korporatiw çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin niýetlenendir.
Sene we wagt: 7-nji awgust (anna güni), sagat 14:30-da başlaýar.
Salgy: Aşgabat şäheri, «Aşgabat» Söwda merkezi, C blok, 1-nji gat.
Giňişleýin maglumat almak we bu çärä gatnaşmagyňyzy tassyklamak üçin info@bilelik.com.tm elektron salgysyna ýazylyp ýa-da +993 63 47 62 89 belgili telefon arkaly habarlaşyp bilersiňiz.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.