
Baýrammyrat Taganow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň nemes dili we edebiýaty, iňlis dili hünäriniň 2-nji ýyl talyby: Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini dünýä ülňülerine laýyk özgertmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Oba-şäherlerimizde interaktiw hem-de multimediýa tehnologiýalary, internet ulgamy bilen üpjün edilen döwrebap orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, sport-sagaldyş toplumlary gurulýar. Täze okuw ýylynyň ilkinji güni 1-nji synpa okuwa barýan körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan netbuk kompýuterleri sowgat berilýär. Bu ilhalar başlangyçlaryň gözbaşynda Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlary bilimli-sowatly, päk ahlakly, giň gözýetimli, il-güne wepaly şahsyýetler hökmünde kemala getirmek ugrundaky asylly maksatlar durandyr.
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ojaklary innowasion ösüşlere eýedir. Bu hem ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň maglumat, elektron usulyýetinden işjeň peýdalanmakda örän ähmiýetlidir. Ylym-bilim ojaklaryny ýokary hilli elektron-bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak boýunça edilýän tagallalar biziň institutymyzda hem oňyn miwelerini berýär. Muňa talyp deň-duşlarymyzyň döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde, internet olimpiadalarynda gazanýan üstünlikleri-de aňryýany bilen güwä geçýär. Geçen ýylyň dekabr aýynda, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýokary okuw mekdebimiz tarapyndan fizika dersi boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Döwletimiziň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 53-sinden talyplaryň 378-siniň gatnaşmagynda guralan bu bäsleşikde institutymyzyň wekilleri-de baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. ABŞ-nyň Memfis, Hytaýyň Hinjiang uniwersitetleriniň, Russiýa Federasiýasynyň Ufa şäherindäki döwlet nebit-tehniki uniwersitetiniň, Özbegistanyň Nyzamy adyndaky milli pedagogik uniwersitetiniň we beýleki abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen olimpiadada öňe saýlanmagyň uly üstünlikdigini bellemek gerek. Şonuň ýaly-da talyplarymyz şol günlerde Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň biologiýa dersi boýunça guran IV halkara internet olimpiadasynda hem baýrakly orunlaryň dokuzysyny eýelediler. Şeýle guwandyryjy mysallar başga-da köp. Bu bolsa talyplarymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da ýeňişli ýollaryny dowam etdirjekdiklerine pugta ynam döredýär.
Üstümizdäki ýylda ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy giňden belleniler. Ýubileý ýylynda institutymyzyň täze binalar toplumy hem ulanylmaga tabşyrylar. Häzirki wagtda toplumda gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Türkmenabat şäheriniň gözel künjeginde gurulýan bu toplumda okamak, hünärleri öwrenmek, ylmy gözlegler bilen meşgullanmak üçin iňňän ýokary amatlylyklar göz öňünde tutulypdyr. Nesip bolsa, 700 orunlyk kitaphana, saglyk öýi, 1000 orunlyk naharhana, hersi 360 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlarynyň bäşisi, 40-dan gowrak tejribehanasy bolan ylmy merkezi we beýleki desgalar talyp ýaşlaryň we professor-mugallymlarymyzyň ygtyýaryna berler. Täze binalar toplumy asyrlara ýaň saljak täzeçil gözlegleriň, ylmy açyşlaryň mekany bolar. Türkmen alymlarynyň ylmy açyşlary, amaly gözlegleri dünýä jemgyýetçiligi üçin hem gymmatly baýlyga öwrüler. Biz täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga tabşyryljak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
Ýaşlar barada hemmetaraplaýyn tagallalary edýän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize köp alkyş aýdýarys. Bu günki nesiller geljekde merdana pederlerimiziň şöhratly ýoluny mynasyp dowam etdirerler.
Keywords