
2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan şu ýylyň aprel ayynda Aşgabatda geçirilen Türkmen-hytay biznes-forumynyň we sergisiniň netijelerine bagyşlanan tanyşdyrylyş çäresi guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Dabaraly çärä Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasynyň diplomatlary, Ilçihananyň ýanyndaky Söwda wekilhanasynyň wekilleri, Hytaýyň kärhanalary durnukly ösdürmek boýunça daşary ýurtlar daky assosiasiýasynyň, Hytaý-türkmen medeni merkeziniň ýolbaşçylary, şeýle hem iki ýurduň döwlet edaralarynyň we hususy ulgamynyň wekilleri gatnaşdyryldylar.
Çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi P.Durdyew çykyş edip, gatnaşyjylary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda durmuşa geçirilýän möhüm maliýe taslamalary, şeýle-de Aşgabatdaky sergide görkezilen ýerli öndürijileriň önümleri bilen tanyşdyrdy. Ilçi geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça hytaýly hyzmatdaşlary türkmen taslamalaryna maýa goýmaga hem-de eksport-import amallaryny işjeňleşdirmäge çagyrdy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan öňde tutulýan çäreler barada giňişleýin maglumat berildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Görkezme zonasynyň Dolandyryş komitetiniň başlygynyň orunbasary, Szýaoçzhou şäheriniň häkimi Çžou Lin, Hytaýyň kärhanalary durnukly ösdürmek boýunça daşary ýurtlar daky assosiasiýasynyň (CODA) baş sekretary Szýan Ýun we Hytaý-türkmen medeni merkeziniň direktory Li Sszan dagylar hem çykyş etdiler.
Çykyş eden taraplar Aşgabat forumynyň çäklerinde guralan tematik mejlisleriň, şeýle hem B2B we B2G formatyndaky duşuşyklaryň ýokary guramaçylyk derejesini aýratyn bellediler we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şonň bilen bir hatarda, işewürlik duşuşyklarynyň dowamynda önümçiligi döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgamlary ornaşdyrmak boýunça täze taslamalaryň hödürlenendigi, netijede bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada birnäçe Ähtnamalara gol çekilendigi nygtaldy.
Hytaýyň kärhanalary durnukly ösdürmek boýunça daşary ýurtlar daky assosiasiýasynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmen-hytay biznes-forumyny we sergisini her ýyl yzygiderli geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Keywords