Dünýäde iň köp sarp edilýän miweleriň biri bolan üzümiň 10 müňden gowrak görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Üzüm önümçiligi boýunça Ispaniýa, Italiýa, Fransiýa, Argentina, Hytaý, Hindistan, Türkiýe we Günorta Afrika Respublikasy öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna girýär.

Üzümiň giňden tanalýan görnüşleriniň arasynda kişmiş taýýarlamak üçin ulanylýan ak sultanin üzümi, iri gara reňkli kýoho, gyzylymtyl-gülgüne glob, gelinbarmak, Arkadiýa, Wiktoriýa, Moldova, Izabella, merlo, şardone, şiraz we aýren ýaly görnüşler bar. Şeýle-de alyjylaryň arasynda Ýaponiýada ösdürilip ýetişdirilýän, daşky görnüşi bilen tapawutlanýan kosýu üzümi uly gyzyklanma döredýär.

Ýaponiýada gadymy döwürlerden bäri ösdürilip gelinýän kosýu üzümi çalymtyl-gülgüne reňki bilen özüne çekýär. Ýagyşdan soň Gün şöhlesiniň astynda onuň däneleri has-da ýalpyldap, dury görnüşe eýe bolýar. Şol sebäpli bu üzümi ilkinji gezek gören adamlara onuň tebigy miwedigini göz öňüne getirmek kyn düşýär. Ýagyş damjalary bilen ýuwlan kosýu üzümi edil içi howadan doldurylan ýaly täsin görnüşde görünýär.