Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara birleşigi (IUCN) janly-jandarlaryň 49 müň 500 görnüşiniň ýok bolup gitmek howpy astyndadygyny belleýär. Tebigy şertleriň we klimatyň üýtgemegi, senagat önümçiliginiň giňelmegi hem-de adamlaryň işjeňliginiň artmagy haýwanlaryň birnäçe görnüşiniň ýaşaýşyna howp salýar. Şeýle-de ilatly ýerleriň we hojalyk işleriniň giňelmegi ýabany haýwanlaryň tebigy mesgenlerinden göçmegine getirýär.
Ýitip gitmek howpy abanýan haýwanlaryň biri hem Afrika pilidir. Soňky ýyllarda bu äpet süýdemdirijileriň sany ep-esli azaldy. Esasan Gabon we Kongo ýaly ýurtlaryň tokaýlarynda ýaşaýan Afrika pilleri gurakçylykdan we suw ýetmezçiliginden ejir çekýärler.
Afrika piliniň agramy 7 tonna, boýy bolsa 4 metre çenli ýetýär. Olaryň esasy iýmitini agaçlaryň ýapraklary we gabygy düzýär. Mundan başga-da, bu haýwanlar dürli otlar we gök önümler bilen hem iýmitlenýärler.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.