
Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” (PSŽ) futbol topary Çempionlar ligasynyň finalynda Angliýanyň “Arsenal” toparyndan üstün çykyp, kubogyň eýesi boldy. Budapeşt şäheriniň “Puşkaş Arena” stadionynda geçirilen bu aýgytly duşuşyga germaniýaly emin Daniel Zibert eminlik etdi.
Çekeleşikli geçen oýnuň esasy wagty we her biri 15 minutdan ybarat bolan goşmaça tapgyrlary 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Duşuşygyň 6-njy minutynda londonlylaryň hüjümçisi Kaý Hawers hasaby açmagy başardy. Parižliler bugola 65-nji minutda jogap berdiler; gruzin ýarym goragçysy Hwiça Kwarasheliýanyň gazanan penaltisini Usman Dembele dürs urup, hasaby deňledi. Ýeňijini kesgitlemek üçin geçirilen 11 metrlik jerime urgularynda bolsa parižliler üstün çykyp, olar 4:3 hasabynda ýeňiş gazandylar. Bu taryhy duşuşykda PSŽ-niň derwezesini russiýaly derwezeçi Matweý Safonow gorady. Oýnuň iň gowy futbolçysy diýlip bolsa fransuz klubunyň portugaliýaly ýarym goragçysy Witinýa saýlandy.
Geçen möwsümdäki finalda Italiýanyň “Inter” toparyny 5:0 hasabynda ýeňen PSŽ, bu gezek hem çempionlygyny gorap, bassyr iki ýyl Ýewropanyň iň güýçli topary diýen ady götermegi başardy. Mundan ozal Çempionlar ligasynyň taryhynda diňe Ispaniýanyň “Real Madrid” topary yzly-yzyna çempion bolmagy başarypdy.
Mundan başga-da, bu taryhy oýna sport dünýäsiniň meşhur ýolbaşçylary, şol sanda FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino hem-de Halkara Olimpiýa komitetiniň öňki ýolbaşçysy Tomas Bah ýerinde tomaşa etdiler.
Şeýlelikde, Çempionlar ligasynyň ýeňijisi PSŽ 2026-njy ýylyň UEFA Superkubogy ugrundaky duşuşykda Ýewropa ligasynyň ýeňijisi Angliýanyň “Aston Willa” topary bilen duşuşar. Bu bäsleşik şu ýylyň 12-nji awgustynda Awstriýanyň Zalsburg şäherindäki “Red Bull Arena” stadionynda geçiriler.
Keywords