Madridiň «Real Madrid» futbol kluby Ispaniýada geçiriljek «Formula-1» Gran-prisiniň ýerli hyzmatdaşy boldy. Bu barada «Marca» neşiri habar berdi.

Ispaniýanyň paýtagtynyň golaýyndaky täze «Madring» awtodromynda ilkinji gezek geçiriljek Gran-pri 11–13-nji sentýabr aralygynda geçiriler. Şu ýyldan başlap Ispaniýanyň Gran-prisi Barselonadan Madride göçürildi.

«Madring» trassasynyň «Real Madridiň» türgenleşik toplumynyň golaýynda ýerleşýändigi bellenilýär. Täze hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýaryş günlerinde futbol klubynyň infrastrukturasynyň belli bir böleginden peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa Gran-priniň geçirilýän ýerinde döredilýän mümkinçilikleri has-da giňeltmäge ýardam eder.

Şeýle hem «Real Madrid» ýaryş wagtynda guraljak birnäçe myhman wekilçilik zolaklaryna gatnaşar. Çärä klubuň öňki we häzirki ýyldyz futbolçylarynyň, şeýle-de «Real Madridiň» beýleki tanymal wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

«Formula-1» bilen dünýäniň iň meşhur futbol klublarynyň biriniň hyzmatdaşlygy Madriddäki Gran-priniň sport we güýmenje ähmiýetini has-da artdyrmagyna garaşylýar.