Çagalara goldaw bermek, olaryň hukuklaryny goramak we bagtyýar geljegi üçin zerur şertleri döretmek Türkmenistanyň ynsanperwerlik syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu işlerde ýaşlaryň haýyr-sahawat başlangyçlaryna işjeň gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle çäreler ýaşlarda jemgyýetçilik jogapkärçiligini ösdürmek bilen birlikde, kömege mätäç çagalara goldaw bermäge hem mümkinçilik döredýär.
Şeýle başlangyçlaryň biri hökmünde 20-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly haýyr-sahawat sergi-ýarmarkasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara düzümleriniň wekilleri gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň resmi saýty habar berýär.
Serginiň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň dürli ugurlary öz içine alýan baý mazmunly sergileri boldy. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary öz bilim alýan ugurlaryny, döredijilik mümkinçiliklerini we milli medeni mirasa bolan gyzyklanmalaryny açyp görkezýän diwarlyklary taýýarladylar. Myhmanlar şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, elde ýasalan önümler, milli şaý-sepler, ýadygärlik sowgatlary bilen tanyşdylar. Şeýle-de dürli tagamlardan we süýjüliklerden dadyp gördüler.
Çäräniň dowamynda talyplaryň özleriniň işjeň çykyş etmegi aýratyn täsir galdyrdy. Olar diňe bir taýýarlan önümlerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň aýratynlyklary, milli däp-dessurlar we döredijilik pikirleri barada myhmanlara gürrüň berdiler. Şeýlelikde, sergi tejribe alyşmak, pikir paýlaşmak we ýurdumyzyň medeni durmuşynyň köpdürlüligi bilen tanyşmak üçin özboluşly meýdança öwrüldi.
Haýyr-sahawat sergi-ýarmarkasyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Çäräniň ähmiýeti medeni sergileri görkezmek bilen çäklenmän, onuň haýyr-sahawat maksady bilen hem berk baglanyşykly boldy. Ýarmarkadan toplanan ähli serişdeler Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna geçirildi. Bu serişdeler aýratyn alada we goldawa mätäç çagalaryň bähbidine gönükdirildi.
Çäräniň 20-nji noýabrda geçirilmegi hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Sebäbi bu sene Bütindünýä çagalar güni hökmünde bellenilýär. Çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara ulgamynyň kemala gelmeginde hem 20-nji noýabryň möhüm orny bar. 1959-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Çaganyň hukuklary hakynda Jarnamany, 1989-njy ýylda bolsa Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýany kabul etdi. Bu resminamalar çagalaryň hukuklaryny goramagyň, olaryň abadançylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmegiň, sazlaşykly ösüşi üçin mümkinçilikleri döretmegiň esasy ýörelgelerini kesgitledi.
Türkmenistan bu ugurdaky halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine yzygiderli üns berýär. Ýurdumyzda degişli halkara resminamalaryna goşulmak we abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen bir hatarda, çagalaryň saglygyny goramak, durmuş taýdan goldamak, terbiýelemek we bilim bermek boýunça milli çäreler hem durmuşa geçirilýär.
Şu jähetden, Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri aýratyn ähmiýete eýedir. Gaznanyň ynsanperwerlik maksady türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän rehimdarlyk, sahawatlylyk we ynsanperwerlik ýaly milli gymmatlyklary bilen sazlaşýar.
Geçirilen sergi-ýarmarka ýagşylyk etmäge bolan islegiň adamlary hünärine we iş ugruna garamazdan birleşdirýändigini ýene bir gezek görkezdi. Şeýle başlangyçlara gatnaşmak talyp ýaşlar üçin raýat jogapkärçiligini terbiýeleýän möhüm tejribe mekdebi bolup hyzmat edýär. Jemgyýet üçin bolsa çagalaryň aladasynyň we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşynyň umumy wezipedigini aýdyň görkezýär.
Haýyr-sahawat işleriniň hakyky gymmaty diňe bir maddy kömek bermekde däl, eýsem, mähre we goldawa mätäç adamlara ýürek ýylylygyny paýlaşmaga taýýar bolmakda hem jemlenýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.