Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Muhammetgeldi Aýazowy Türkmenistanyň Müsür Arap Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakynda resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Muhammetgeldi Nurberdiýewiç Aýazow bu wezipä bellenilmezinden öň Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinde işleýärdi. Ol 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Er-Riýad şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilipdi.
Täze bellenmä laýyklykda, Muhammetgeldi Aýazow Saud Arabystanyndaky diplomatik işini dowam etdirmek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Müsür Arap Respublikasyndaky ilçisi wezipesini hem ýerine ýetirer.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.