Aşgabat şäherindäki Sebitleýin okuw merkezinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamy» atly onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.

Okuw maslahaty iki ýurduň gümrük edaralarynyň işgärleri taýýarlamak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň nobatdaky amaly ädimi boldy.

Duşuşygyň dowamynda töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny guramak, töwekgelçilikleri ýüze çykarmagyň we baha bermegiň usullaryny ulanmak, şeýle hem gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmakda häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak meselelerine garaldy.

Okuw çäresine Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň «Gümrük işi» hünärinde bilim alýan harby talyplarynyň hem gatnaşmagy hünärara tejribe alyşmagyň gerimini giňeltdi. Şeýle-de bu olara iki ýurduň gümrük edaralarynyň iş tejribesi bilen tanyşmaga we gümrük gözegçiligini amala aşyrmagyň häzirki zaman usullary baradaky bilimlerini çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berdi.