Rim şäheriniň «Olimpiko» stadionynda geçirilen oýun örän çekeleşikli geçdi. Duşuşygyň 12-nji minutynda myhmanlaryň hüjümçisi Nikola Krstowiç hasaby açmagy başardy. Ýöne birinji ýarymyň ahyrynda, has takygy 45+1-nji minutda «Romanyň» goragçysy Mario Ermoso hasaby deňledi. Ikinji ýarymda derwezelere gol urulmady we toparlar bir utuk bilen çäklendi. Bu netijeden soň, «Roma» 58 utuk bilen sanawyň 6-njy basgançagynda, «Atalanta» bolsa 54 utuk bilen 7-nji orunda galdy.
«Roma» we «Atalanta» Rimde utuk paýlaşdylar
1 min okamak33

Italiýanyň Seriýa A çempionatynyň 33-nji tapgyrynda «Roma» we «Atalanta» duşuşyp, oýny 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamladylar.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.