
Rumyniýanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary we bu ýurtda ýaşaýan watandaşlarymyz Bütindünýä saglyk gününi uly ruhubelentlik bilen bellediler. Türkmenistanyň Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Rumyniýanyň paýtagtynda mini-futbol boýunça dostluk ýaryşy geçirildi.
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň goldawy we türkmen ýaşlarynyň işjeň guramaçylygynda guralan bu sport çäresi, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge we köpçülikleýin sporty ösdürmäge gönükdirildi.
Sagdyn durmuş — bagtyýar geljek
Ýaryşyň açylyş dabarasynda çykyş edenler Türkmenistanyň döwlet syýasatynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini aýratyn nygtadylar. Ýaşlaryň diňe bir bilimli bolman, eýsem berk bedenli we sagdyn ruhly bolup ýetişmegi üçin döredilýän mümkinçilikler barada durlup geçildi. Şeýle sport bäsleşikleriniň daşary ýurtlarda bilim alýan talyplaryň arasyndaky agzybirligi berkidýändigi we olaryň özara tejribe alyşmagyna ýardam edýändigi bellenildi.
Dostluk ýaryşyna Rumyniýanyň Buharest, Oradýa, Timişoara we Kluž-Napoka ýaly dürli şäherlerinden jemi ýedi topar gatnaşdy. Ýaş futbolçylar meýdançada ýokary ussatlyk we ýeňşe bolan uly höwes görkezdiler. Gyzgalaňly geçen duşuşyklaryň netijesinde baýrakly orunlar aşakdaky ýaly paýlanyldy:
Kluž-Napoka şäheriniň wekili bolan «Turan» topary özüniň utgaşykly oýny bilen birinjiligi eýeledi. Ikinji orna paýtagt Buharestden gatnaşan «Arkadag» topary mynasyp boldy. Hormatly üçünji orny bolsa Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň topary eýelemegi başardy.
Bäsleşigiň ahyrynda dabaraly sylaglama dabarasy geçirildi. Ýeňiji bolan toparlara we ýaryşyň dowamynda aýratyn ukyplary bilen tapawutlanan iň oňat oýunçylara ýörite kuboklar, medallar we Hormat hatlary gowşuryldy.
Bu sport baýramçylygy Rumyniýadaky türkmen ýaşlarynyň Watanymyza bolan çäksiz söýgüsini we milli baýramlarymyzy daşary ýurtlarda-da ýokary derejede bellemäge bolan yhlasyny ýene bir gezek subut etdi.
Keywords