2026-njy ýylyň 14-nji oktýabryndan Russiýa Federasiýasynda wiza resmileşdirmek üçin alynýan konsullyk ýygymlarynyň täze nyrhlary güýje girdi. Üýtgetmeler Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda kabul edilen 1292-nji belgili karary bilen tassyklanyldy.
Täze düzgünlere laýyklykda, okuw we üstaşyr (tranzit) wizalaryndan başga görnüşli wizalary gyssagly, ýagny üç iş gününe çenli möhletde resmileşdirmek üçin alynýan ýygymlar iki esse ýokarlandyryldy. Üýtgetmeler zähmet wizalaryna hem-de wagtlaýyn ýaşamaga rugsat berýän resminamanyň (РВП) esasynda berilýän wizalara-da degişlidir.
Täze konsullyk ýygymlary
Hususy, işewürlik we ynsanperwerlik wizalary:
Adaty tertipde: bir gezeklik — 80 ABŞ dollary, iki gezeklik — 128 dollar, köp gezeklik — 240 dollar.
Gyssagly tertipde: bir gezeklik — 320 dollar, iki gezeklik — 512 dollar, köp gezeklik — 960 dollar.
Syýahatçylyk wizalary:
Adaty tertipde: bir gezeklik — 80 dollar, iki gezeklik — 128 dollar.
Gyssagly tertipde: bir gezeklik — 320 dollar, iki gezeklik — 512 dollar.
Wagtlaýyn ýaşamaga rugsat berýän resminamanyň (РВП) esasynda berilýän wizalar:
Adaty tertipde bir gezeklik wiza — 160 dollar.
Gyssagly tertipde bir gezeklik wiza — 640 dollar.
Zähmet (iş) wizalary:
Adaty tertipde: bir gezeklik — 160 dollar, iki gezeklik — 256 dollar, köp gezeklik — 480 dollar.
Gyssagly tertipde: bir gezeklik — 640 dollar, iki gezeklik — 1 024 dollar, köp gezeklik — 1 920 dollar.
Beýleki görnüşli konsullyk hyzmatlary üçin ýygymlaryň nyrhlary üýtgewsiz galdy.
Täze nyrhlar Russiýa Federasiýasyna syýahat etmegi, işlemek ýa-da beýleki maksatlar bilen gitmegi meýilleşdirýän raýatlar üçin wiza resmileşdirmek bilen bagly çykdajylaryň artýandygyny aňladýar. Şonuň üçin resminamalary tabşyrmazdan ozal degişli wiza görnüşi we ony taýýarlamagyň möhleti boýunça hereket edýän nyrhlary anyklamak maslahat berilýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.