Russiýada hyýaryň bahasy soňky bir ýylyň dowamynda 8,4 göterim aşaklap, ýyllyk görkezijide iň köp arzanlan azyk önümi boldy. Bu barada «Руспродсоюз» assosiasiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, TASS habar berýär.
Bahasy arzanlan azyk önümleriniň ilkinji bäşligine hyýardan başga-da alma, ösümlik ýagy, peýnir we aşa ýokary temperaturada işlenilen süýt girýär.
Maglumatlara görä, soňky bir ýylda almanyň bahasy 8,1 göterim, ösümlik ýagynyňky 6,4 göterim, peýniriňki 2,1 göterim, aşa pasterizleşdirilen süýdüňki bolsa 1,7 göterim arzanlapdyr.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.