2026-njy ýylyň 18–19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Monako Knýazlygyndaky Ilçisi M. Çaryýew Monakonyň Milli baýramy mynasybetli geçirilen resmi çärelere gatnaşdy.
Milli baýramyň öňüsyrasynda Monakonyň Knýazy Albert II we Knýaginýa Şarlen diplomatik hem-de konsullyk wekilhanalarynyň wekilleri üçin resmi kabul edişlik guradylar. Çäräniň dowamynda Knýaz Albert II Monakonyň 2026-njy ýylda daşary syýasat ulgamynda gazanan netijeleri barada durup geçdi. Şeýle hem ol 2027-nji ýyl üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitläp, meýilleşdirilýän halkara saparlary barada maglumat berdi. Kabul edişlikden soň diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň hormatyna agşamlyk nahary berildi.
Milli baýram mynasybetli eden çykyşynda Knýaz Albert II Rim Papasy Lew XIV-niň we Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň Monako amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Şeýle-de ol Monakonyň Ýewropa Geňeşiniň Ministrler komitetine ilkinji gezek başlyklyk edýändigini belledi.
Knýaz öz çykyşynda çagalaryň hukuklaryny goramak, ýaş türgenleriň howpsuzlygyny üpjün etmek we zenanlara garşy zorluga garşy göreşmek ýaly möhüm meseleleriň üstünde hem durup geçdi. Mundan başga-da, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Milli baýram güni Monakonyň kafedral ybadathanasynda şükürana dini ybadat geçirildi. Soňra Knýaz köşgüniň dabaraly howlusynda sylaglary gowşurmak dabarasy, köşk meýdançasynda bolsa harby ýöriş guraldy. Harby ýörişiň çäklerinde Knýazyň karabinerler orkestriniň döredilmeginiň 60 ýyllygy hem bellenildi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.