Russiýaly garyşyk başa-baş söweş (MMA) türgeni Usman Nurmagomedow amerikaly Arçi Kolgany ýeňip, Professional Fighters League (PFL) guramasynyň ýeňil agram derejesindäki çempionlyk guşagyny gorady. Tutluşyk ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirildi.

Duşuşyk ikinji raundda tamamlandy. Russiýaly türgen tehniki nokaut bilen ýeňiş gazandy.

Nurmagomedow PFL-däki çempionlyk guşagyny ikinji gezek üstünlikli gorady. Ol bu guşagy geçen ýylyň oktýabrynda irlandiýaly Pol Hýuzy eminleriň karary bilen ýeňip gazanypdy.

Şu ýylyň fewralynda bolsa britaniýaly Alfi Dewisi ýeňdi. 2022–2025-nji ýyllarda ol Bellator guramasynyň çempiony boldy.

28 ýaşly Usman Nurmagomedow öňki UFC çempiony Habib Nurmagomedowyň doganoglanydyr. Häzirki wagta çenli onuň hasabynda 22 ýeňiş, ýeňliş ýok, ýene bir tutluşyk bolsa geçirilmedik hasap edildi.

31 ýaşly Arçi Kolgan bolsa professional karýerasynda ilkinji gezek ýeňildi. Mundan ozal ol yzly-yzyna 15 ýeňiş gazanypdy.