
Ilaty tebigy gaz bilen bökdençsiz we durnukly üpjün etmek «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň gaz hojalyk edaralarynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Häzirki wagtda müdirligiň «Sakarçägeetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň hünärmenleri 2026-njy ýylyň güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmek maksady bilen, infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak we tehniki hyzmat etmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarlar.
Kärhananyň gazçylary etrabyň çägindäki umumy uzynlygy 1181 kilometr bolan ýokary, orta we pes basyşly gaz geçirijilere, 51 sany gaz paýlaýjy desga hem-de 343 sany gaz sazlaýjy enjama tehniki talaplara laýyklykda ýokary hilli hyzmat edýärler. Milli maksatnama laýyklykda, etrabyň täze emele gelen ilatly ýerlerinde uzynlygy 5800 metr bolan täze gaz geçirijilerini gurmak meýilleşdirilip, «Marygazüpjünçilik» müdirligi tarapyndan turbalaryň we gurluşyk önümleriniň ýeterlik möçberde üpjün edilmegi netijesinde bu ugurdaky işler üstünlikli dowam edýär.
Ýylyň başyndan bäri Sakarçäge şäheriniň Garaýap, Görelde, Akýap, Gumgüzer we Hojadepe geňeşliklerinde jemi 5050 metr bolan täze orta we pes basyşly gaz geçirijileri gurlup ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda bolsa Gyzylgum geňeşliginiň çäginde uzynlygy 750 metr bolan täze gaz geçirijiniň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.
Ulanylýan gaz geçirijileriň durnuklylygyny üpjün etmek üçin köne turbalary çalşyrmak işleri hem netijeli amala aşyrylýar. «Sakarçägeetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň başlygy Arslan Akweliýewiň bellemegine görä, etrabyň ilatyny «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin dürli basyşly gaz geçirijilerde abatlaýyş işleri yzygiderli geçirilýär. Şunda Gülüstan geňeşliginiň Gülüstan obasyna barýan ýokary basyşly gaz geçirijiniň 1720 metrinde, Hojadepe geňeşligindäki gaz geçirijiniň 850 metrinde we Soltanyz geňeşligine barýan ulgamyň 2226 metrinde ulanyş möhleti geçen turbalar täzelendi.
Amala aşyrylýan bu düýpli abatlaýyş we gurluşyk işleri degişli geňeşlikleriň ýaşaýjylarynyň gaz üpjünçiligini düýpli gowulandyrmaga möhüm mümkinçilik berýär.
Keywords