Samarkant şäherinde 4–6-njy sentýabr aralygynda Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň suw we howa boýunça üçünji sebit maslahaty — RCOY Central Asia 2026 geçiriler. Bu çäre sebitde ýaşlara niýetlenen ýeke-täk iri möçberli meýdança bolup durýar.

Maslahata dokuz ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Owganystandan, şeýle hem Azerbaýjandan we Türkiýeden çagyrylan wekiliýetlerden takmynan 100-e golaý ýaş bilermen gatnaşar. Olar suw howpsuzlygy we howa adalaty ugrunda umumy garaýyşlary işläp taýýarlamaga çagyrylýar.

Çäräniň esasy maksady — BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna (UNFCCC COP31) gönükdirilen hereketler meýilnamasyny öz içine alýan Sebit ýaşlar beýannamasyny döretmekdir. Bu resminamada buzluklary goramak we suw serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça anyk talaplar beýan ediler. Jemleýji resminama Antalýada geçiriljek UNFCCC COP31-de we Abu-Dabide geçiriljek BMG-niň Suw serişdeleri boýunça maslahatynda resmi taýdan hödürlener.

Belläp geçsek, bu sebit maslahaty eýýäm üçünji gezek guralýar. Ozalky duşuşyklar 2022-nji we 2024-nji ýyllarda Bişkek şäherinde geçirilipdi. Häzirki çäre Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň, BMG-niň düzümleriniň hem-de halkara guramalaryň goldawy bilen amala aşyrylýar.

Maslahata gatnamak isleýän sebitiň ýaşlary üçin arzalar 2-nji awgusta çenli kabul edilýär. Şeýle hem Sebit ýaşlar beýannamasyna öz tekliplerini 10-njy awgusta çenli ibermek mümkinçiligi bar.