
Samsung Display kompaniýasynyň düzümine girýän eMagin bölümi Los-Anjelesde geçirilen "Display Week" sergisinde özüniň täze tehnologiýasyny — wideony göni dury linzalarda görkezmäge ukyply bolan tolkun akymly (waveguide) linzalaryny görkezdi. Bu tehnologiýa akylly äýnekleriň geljegine uly itergi berip, ulanyjylara dury äýnegiň üstünde YouTube wideolaryna tomaşa etmäge we wideoaragatnaşyklary amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
Täze linzalarda Samsung tarapyndan 20 000-nji ýylda satyn alnan "eMagin" kompaniýasynyň OLED displeýleri ulanylýar. Bu gurluşyň esasy aýratynlygy onuň tolkun akymly gurluşyndadyr: mikrodispleýler äýnegiň gyrasynda gizlenip, şekili linzanyň gyralary arkaly geçirýär. Göze görünmeýän kiçijik yşlar bolsa yşygy ulanyjynyň gözüne gönükdirip, linzalaryň doly dury bolmagyny üpjün edýär.
Tanyşdyrylan linzalar tehniki görkezijileri boýunça häzirki bar bolan nusgalardan ep-esli öňe geçmegi başarýar:
Mundan başga-da, bu linzalar reňk öwüşginleriniň 99%-ini saklaýar. Mysal üçin, "Meta" kompaniýasynyň "Ray-Ban" äýneklerinde hem şuňa meňzeş tehnologiýa bar, emma ol görüş meýdanynyň diňe 20%-ini öz içine alýar. Samsung-yň täze tehnologiýasy bolsa has giň we anyk şekili wada berýär.
Keywords