
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen zenanlarymyzyň sarpasy belent tutulýar. Öý-ojaklaryň diregi, jemgyýetiň synmaz sütüni bolan zenanlarymyz nesil terbiýesinde, maşgala mukaddesligini gorap saklamakda, ene-mamalarymyzdan miras galan gadymy el işlerimizi dowam etdirmekde we geljek nesillere ýetirmekde aýratyn uly orny eýeleýärler.
Bu günki gün türkmen zenanlary ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda, ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda, medeniýetde, harby we hukuk goraýjy edaralarynda netijeli zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Ýaş nesli ylymly-bilimli edip terbiýelemekde-de yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň çekýän halal zähmetine döwletimiz tarapyndan mynasyp baha berilýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeniniň, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň berilmegi zenanlara goýulýan uly hormatdan nyşandyr.
Ajaýyp döwrümizde türkmen zenanlarynyň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli zähmet çekip, giň gerimli özgertmelere goşýan önjeýli goşantlaryny hem-de olaryň ýaş nesli mynasyp terbiýelemekdäki taýsyz tagallalaryny wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň wekilleriniň şu günler welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde zenanlar bilen geçirýän «Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary» atly okuw maslahaty hem gelin-gyzlaryň owadan dünýäsini has-da baýlaşdyrjak söhbetlere beslenýär. Türkmenabat şäheriniň, etraplaryň edara-kärhanalarynda guralýan maslahatlarda ýaşlarda el hünärine, milli senedimize, gadymy däp-dessurlarymyza buýsanç döretmek, olaryň bu ugra bolan höwesini artdyrmak, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmek, wagyz-ündew çärelerini ýygy-ýygydan geçirmek ýaly meselelere uly üns berilýär. Ene-mamalarymyzdan miras galan milliligimizi, edim-gylymlarymyzy, däp-dessurlarymyzy hem-de el hünärimizi dowam etdirmekde, ýaşlary edeplilik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde şeýle çäreleriň ähmiýeti örän uludyr.
Biz zenanlary eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallygymyzy bildirýäris.
Keywords