
Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyly Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlarydyr talyplary hem uly üstünlikler bilen jemlediler. Olar hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak we oňa aýawly çemeleşmek ugrundaky başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine-de özleriniň ylmy çemeleşmeleri bilen goşant goşdular. Şeýle asylly işlerde institutyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy Diýar Yhtyýarowyň hem mynasyp paýy bar.
Ýaş mugallymyň geçen ýyldaky ylmy gözlegleriniň netijeleri has-da guwandyryjy. Onuň ýylyň başynda Özbegistan Respublikasynyň Ylmy akademiýa barlag merkeziniň hem-de Ýaşlary goldamak geňeşiniň bilelikde geçiren halkara bäsleşigine hödürlän «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky döwletleriň ekologiýa abadançylygyny berkitmek» atly ylmy işi baýraklaryň birbada ikisine — ýeňijilik Diplomyna we «Yhlasly zähmeti üçin» diýen tapawutlandyryş nyşanyna mynasyp boldy. Onuň yz ýany bilen bolsa D.Yhtyýarow Russiýa Federasiýasynyň Wolgograd döwlet durmuş-mugallymçylyk uniwersitetiniň geçiren «Häzirkizaman ylmynyň meseleleri — 2025» atly halkara ylmy işleriň bäsleşiginde birinji, Belarus Respublikasynyň A.D.Saharow adyndaky Halkara ekologiýa institutynyň esse ýazmak boýunça geçiren döredijilik bäsleşiginde bolsa ikinji baýrakly orunlary eýeledi.
Aýratyn bellemeli ýeri, kämilleşmegiň ýollaryny üstünlikli külterleýän ýaş mugallymyň ylmy çemeleşmelerine köpugurlylyk mahsusdyr. Onuň «Tebigy ugurly dersleri okatmagyň innowasion usullary», «Sil akarlaryna garşy göreş çäreleri we sil suwlaryny rejeli peýdalanmagyň ýollary», «Durnukly ösüşi gazanmakda Türkmenistanyň ekologiýasynyň tutýan orny ýaly dürli-dürli mowzuklar boýunça taýýarlan ylmy işleridir taslamalary-da muny dolulygyna tassyklaýar. Şeýle-de ol geçen ýyl Germaniýa halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen Türkmenistanyň Suw hojalyk baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Amyderýa: obýektiw arkaly nazar» atly fotosurat bäsleşiginde hem ýeňijilik diplomy bilen sylaglanyldy.
Ylymlaryň jümmüşine aralaşýan Diýar Yhtyýarow nazaryýetde alan bilimlerini berkitmek maksady bilen institutyň tejribe meýdançasynda-da talyplar bilen yzygiderli ylmy işleri alyp barýar we yhlasly ýaşlaryň birnäçesine halypalyk edýär. Biz hem iş tejribesini yzygiderli baýlaşdyrýan ýaş mugallyma ylymlar dünýäsinde ýene-de üstünlikleri arzuw edýäris.
Keywords