
Türkmenistanyň ýaş sportçysy Alihan Nurýagdyýew halkara tennis meýdançasynda uly üstünlik gazanyp, özüni tanatmagy başardy. Ol 25-30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» atly abraýly halkara ýaryşda birden iki altyn medala mynasyp boldy.
Bu halkara bäsleşige 10 ýaşa çenli bolan 96 oglan we 96 gyz gatnaşyp, olar dürli ýurtlardan gelen iň güýçli çagalar tennisiniň wekilleridir. Ýiti bäsdeşlige we ýaşynyň kiçidigine garamazdan, 8 ýaşly Alihan Nurýagdyýew hem ýekeleýin, hem-de jbütleýin ugurlarda özüniň ussatlygyny hem-de ynamly oýnuny görkezmegi başardy.
Ýekeleýin bäsleşikde 60-njy tertip sany astynda çykyş eden ildeşimiz ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, finalda ýaryşyň 5-nji saýlanan tennisçisi, gazagystanly G.Istomini 4:1, 4:2 hasabynda utdy we hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna göterildi. Alihan jbütleýin ýaryşda hem Gazagystanyň Atyrau şäherinden bolan tennisçi Nawid Sabyrow bilen bilelikde çykyş edip, ýene-de bir altyn medaly gazandy.
Bu turnir Alihan Nurýagdyýew üçin halkara derejesindäki ilkinji uly bäsleşik boldy. Muňa garamazdan, ýaş tennisçi meýdançada ajaýyp tehnikany, özüne bolan ynamy we hakyky sport häsiýetini görkezip, tälimçileriň we janköýerleriň ünsüni özüne çekdi.
Paýtagtymyz Aşgabadyň wekili bolan ýaş çempion häzirki wagtda Ýuriý Rogusskiý we Meýlis Orazmuhammedow ýaly tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Şeýle hem, Alihanyň okuwda hem göreldelidigi, A.S.Puşkin adyndaky Bilelikdäki türkmen-rus umumy orta mekdebinde tapawutlanyp okaýandygy we okuwdaky üstünlikleri üçin Hormat haty bilen sylanýandygy mälimdir.
Ol mundan öň hem Türkmenistanda 8 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolupdy. Hünärmenler onuň zähmetsöýerligini, tertip-düzgünini we geljeginiň ulydygyny aýratyn belleýärler. Alihan Nurýagdyýewiň Aktobedäki bu şowhunly ýeňşi diňe bir onuň özi üçin däl, eýsem soňky ýyllarda halkara giňişliginde yzygiderli ösüş gaty wekilçilik edýän türkmen tennisi üçin hem uly üstünlikdir.
Keywords